Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mollalar ilaty ýurtda saklamak agitasiýasyny güýçlendirýär - çeşmeler


Türkmenistan 'wepaly zyýaratçylary halkyň hasabyna' Saud Arabystanyna ibermegini dowam etdirýär. Arhiw suraty
Türkmenistan 'wepaly zyýaratçylary halkyň hasabyna' Saud Arabystanyna ibermegini dowam etdirýär. Arhiw suraty

Türkmenistanda mollalar, il ýaşululary oturan-turan ýerlerinde adamlary ogul-gyzlaryny daşary ýurtlara okuwa, işe goýbermezlige çagyryp, öwüt-ündew, agitasiýa işlerini güýçlendirdiler, olaryň içinde öz çagalary daşary ýurtlarda okaýan, işleýän wagyzçylar hem az däl diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Mollalaryň edil häzir birden daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar barada ‘çuňňur’ alada galmagynyň anyk sebäbi belli däl. Ýöne bu wagyzlar Türkmenistanda mekdepleri tamamlan ýaşlaryň okuw, iş aladalary bilen daşary ýurtlara gitmek pikirini kän edýän wagtyna gabat geldi.

Ýerli çynçylar we çeşmeler ýönekeý maşgalalardan bolan ýaşlaryň okuwyny dowam etdirmek, işe ýerleşmek mümkinçiliginiň örän çäklidigini, bilimdäki korrupsiýanyň gowşamaýandygyny, oba hojalygynda işläp, maşgala eklemegiň tas mümkin däldigini aýdýarlar.

Megerem şu ýagdaý bilen baglylykda, soňky günlerde mollalar metjitlerde, pata ýerlerinde, sadakalarda, toýlarda adamlary ogul-gyzlaryny daşary ýurtlara ugratmazlyga ‘çynlary bilen’ çagyryp başladylar.

'Düwünçek' mollalary ahlakdan söz açýar

Daşary ýurtlara giden gyzlar, gelinler ‘ahlak taýdan bozulýar’, özleri bozulmajak bolsalar hem, daşary döwletlerde gözleriniň görýän zatlary gowy bolmansoň, nädip bozulyp, yzynda galan hojalygynyň at-abraýyna nähili zyýan ýetirýändigini oýlanmaýar diýip, mollalar göwreli bolup, maşgalasyna aýdyp bilmän, çagasyny aýyrdyp, maýyp bolýan zenanlar barada hem eşidendiklerini aýdýarlar.

“Käbir ata-eneler daşary döwletlerdäki ogul-gyzynyň näme bilen meşguldygy bilen gyzyklanman, diňe aňsat ýerine, ýagny hojalygyna pul ugratsa, şoňa guwanyp ýaşaýarlar” diýip, mollalar ogul-gyzy daşary ýurtda işleýän adamlary geleňsizlikde günäkärleýärler.

Olaryň ýene bir gaýtalaýan gürrüňi bolsa, “türkmen gelin-gyzlary öz ýurdundan daşary çykman, bala-çagalaryna terbiýe bermeli”, ýogsa ol çagalar soň ulalyp, mollalaryň ýaňzytmagyna görä, daşary döwletlerde bolşy ýaly, ata-enesi garrygan çagynda, olary garrylar öýüne taşlasa-da geň bolmaz.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen adamlar mollalaryň bu gürrüňleriniň köp adamyň gaty ‘çetine degýändigini’ we gaharly reaksiýa döredýändigini aýdýarlar.

“Häzir öz ýurdumyzyň içinde aýal maşgala islendik bir işde işlese, hojaýyn başlygy erkek bolsa, ol hökman ol gelniň maşgalasy ýa-da çagasy barlygyna seretmezden, rahatsyzlyk döredip, lak atyp bilýär, hukuk goraýjylar ‘ala düşek astynda bir gije ýoldaş bolaly’ diýip, gönüden-göni sorap bilýär. onsoň çykgynsyz ýagdaýda, daşary döwletlere eklenç üçin giden gelinler ‘ahlak taýdan bozuk’ diýseň dogry bolarmy ýa-da biziň öz ýurdumyzda wezipe ýeten erkekler ahlagyny ýitirip bozuldy diýseň dogry bolarmy?” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Gidenler gelmek islemese, kim günäkär?

Hususan-da mollalar okuwa we işe giden türkmenistanlylaryň soň yzyna, Türkmenistana gaýdyp gelmek islemeýändigine gahar edýärler:

“Häzir daşary döwletlere seredeniňde, Türkmenistan diýip-aýdardan gowy. Biz häzir islän wagtymyz gök-bakja önümlerini bagdan ýolup, swežiý iýip bilýäris. Daşary ýurtlularyň näme iýýäni belli däl, asuda asmanly, Arkadagly Serdarly ýurdumyz diýseň parahatçylyk we bolçulykda ýaşaýarys” diýip, olar bu durmuşyň gadyryny bilmäge çagyrýarlar.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlar mollalara, il ýaşulularyna ‘gaty gaharlarynyň gelýändigini’ aýtdylar.

“Toý, sadaka, pata ýerlerine gelip, bişen naharlardan garynlaryny ýazyp, soňam 2 sany aýat, doga okap, düwünçek, aklyk, pul sorap, hojalygy ýumurmaga gelene meňzeýärler. Ondan daşary, ýakynyny ýitirip, ýas tutup oturan hojalyklara gelip, Arkasy dagly Serdary mahabatlandyryp, pata ýerini, telewidinýedäki ýaly, “Watan” habarlaryna öwrüp, adamlaryň gaharyny getirýärler” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ‘adamlar körzehin däl, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip otyrlar, agitasiýa işini geçirýän mollalaryň öz çagalarynyň hem daşary ýurtlarda okaýandygyny’ aýdýarlar.


Şeýle-de, mollalar Türkmenistanda häzir ýagdaýy pes maşgalalaryň hem her hepde etli palaw iýýändiklerini, daşary ýurtlarda beýle ‘bagtyň’ ýokdugyny aýdyp, adamlaryň hem gaharyny getirýärler, hem gülküsini tutdurýarlar.

“Häzir biziň sabyr käsämiz dolup barýar, indi bular biziň gyzlarymyza, ogullarymyza geçip, dil çykaryp başlady, ahlak barada gürrüň edýärler. Biziň Türkmenistanymyzda ahlaksyz adam azmy? Güljemal gyzymyzy paýtagt Aşgabatda öldürip, penjireden aşak okladylar, ejesi, kakasy gije ýatman adalat gözledi, häzirlikçe adalatyň ysynam görmedik. ‘Et iýýäris, daşary döwletler et iýenok’ diýip, samsyk, boş gürrüň edýärler” diýip, başga bir söhbetdeşimiz adamlaryň daşary ýurtlarda okaýan, işleýän çagalary bilen habarlaşyp durandygyny, bu agitasiýa il ýaşulularynyň özüniň hem ynanmaýandygyny aýtdy.

Agitasiýa güýçlenmesi il içinde reaksiýa döredýär

Mollalaryň agitasiýasy, synçylaryň aýtmagyna görä, adamlaryň arasynda zähmet migrasiýasy, daşary ýurtlardaky iş, durmuş şertleri, Türkmenistanda emele gelen agyr ýagdaý baradaky pikir alyşmalaryň güýçlenmegine sebäp bolýar.

“Öňler her gün iýjek çöregimiz gaýgy boldy, häzir biziň çagalarymyzyň ýüzi täzelendi, ...biziň iýjek çöregimizi, iýýän towuk budumyzy satyn almaga şolar pul ugradýar, olar daşary döwletlere çykmadyk bolsalar, Türkmenistanda jenaýatçy bolup, türmä basylardy” diýip, birnäçe garyndaşy, tanşy daşary ýurtda işleýän zenan maşgala aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagyzçy mollalaryň, özlerine sopy, işan, hajy, il ýaşulusy diýýän adamlaryň öz ýakyn garyndaşlarynyň arasynda-da türmede oturanlary az däl.

“Aýlyklary zerur zatlaryna ýetse, iş orunlary bolsa, adamlar yzlaryna özleri uly höwes bilen geler. Häzirki ýaly, öýlerinde iýmäge çörekleri bolman, bugdaý harmanlaryndan ellerine horjun, plastik paket alyp, ogurlyk edip, türmä düşýän adamlar barka, kim yzyna gelsin” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.


Türkmenistan ýurtda dörän we saklanyp galýan ykdysady kynçylyklary, agyr işsizligi, hökümet wekilleriniň, hukuk goraýjy edraalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýandygy aýdylýan korrupsiýany boýun almaýar, her ýylda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanyp, türmä basylýan adamlaryň sanynyň azalmaýandygy barada aýdylýanlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär we, türmeleriň ýüküni ýeňletmek maksady bilen, baýramçylyklarda yglan edilýän günä geçişleri dowam etdirýär.

Şeýle-de, resmi Aşgabat daşary ýurtlara giden we uzak wagt bäri yzyna gelmeýän adamlaryň sanyny aýtmaýar. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin ýurda gelen raýatlarynyň, şol sanda daşary ýurtla durmuşa çykan we çaga terbiýeleýän zenanlaryň hereket azatlygyny ýowuz çäklendirmekde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG