Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli” 247 bendiniň günäsi geçildi. Bu barada prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda mälim etdi.
Bu şu ýylyň dowamynda yglan edilen ikinji iri günä geçişlikdir. Martda gadyr gijesi mynasybetli 321 bendi azatlyga çykypdy.
Türkmenistan türme ilatynyň sany boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle-de, tussag edilen bendileri zor bilen ýitirim etmek soňky onlarça ýylda Türkmenistanda yzygiderli bir ýagdaýa öwrüldi.
Halkara hukukçy toparlar türkmen türmelerinde, şol sanda syýasy we dini sebäplerden dereksiz ýitirim bolan ýüzlerçe adamyň sanawyny ýöredýärler. Türkmen hökümeti halkara basyşlaryna garamazdan, bu pidalaryň ykbaly baradaky soraglaryň köpüsine jogap bermeýär.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar türkmen hökümetini adam hukuklaryny yzygiderli depelemekde we özge pikirli adamlary yzarlamakda tankyt edýärler.