Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awaza timarlanýar, myhmanlar dynç almak üçin başga ýer gözlemeli bolýar


Awaza syýahat zolagy. Türkmenistan
Awaza syýahat zolagy. Türkmenistan

Awaza syýahat zolagynda halkara çäresine taýýarlyk görülýär, dynç alýan raýatlar ýaşaýan myhmanhanalaryny terk etmeli bolýar. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, köpçülikleýin häsiýete eýe bolan bu ýagdaý bir hepde bäri dowam edýär. Soňky günlerde bu ýagdaýa degişli maglumatlar sosial ulgamlarda hem peýda boldy.

Tomus dynç alyşyny Awazada geçirýän türkmenistanlylaryň sosial ulgamlarda ýerleşdiren käbir wideolarynda olaryň bu zolakdaky dynç alyşyny bes edip, myhmanhanalaryny dessine terk etmeli bolandygyny görse bolýar. Myhmanhana ýaňy baryp, dynç alyşynyň birinji güni-geçip, geçmänkä olardan otagyny boşatmak talap edilýär.

Awazada dynç almak üçin baranlary aladaly we alasarmyk hala salan bu ýagdaý geçen hepdäniň dowamynda ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli myhmanhanalarda puluny töläp dynç alýan adamlardan myhmanhanalary tizräk boşatmagyň talap edilendigini 24-nji iýulda habar beripdi.

Şonda dynç alyşyny esli öňünden planlaşdyryp, puluny tölän raýatlara pullarynyň yzyna berilmändigini mälim bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň dürli böleklerinden baryp, dynç alýan adamlaryň myhmanhanalardan çykarylmagynyň sebäbini anyklap bilmedi.

Bu ýagdaý "Awaza" syýahat zolagynda awgustda BMG-niň halkara forumynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyklaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Bu ýerde 4 – 8-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça üçünji maslahaty geçiriler.

Döwlet mediasynda maýda çap bolan maglumatda türkmen prezidentiniň bu duşuşygy ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi talap edendigi habar berildi.

Awazadaky taýýarlyklaryň çäginde täze binalar guruldy, düýpli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirildi, ýollaryň gyralaryndaky çyraly sütünler täzelendi, ençeme düýp agaç, şol sanda bu ýerde ösmeýän gymmatbaha palma agaçlary getirilip, oturdyldy. Bu barada anonimlik şertinde maglumat beren çeşmeler gyssagly geçirilen bejeriş işlerine, şol sanda Türkmenbaşynyň aeroportunyň binasynyň bejerilmegine millionlarça dollar çykdajy edilendigini aýtdylar.

"Bu halkara çäresinden soň daşary ýurtly meşhur aýdym-saz toparlarynyň çykyş etmegine garaşylýar. Soňundan feýerwerk hem bolar" diýip, bu taýýarlyklardan habarly çeşme aýdýar.

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri taýýarlyklara şu aýyň başynda girişdiler. Şol sanda köçelerde köne awtoulaglary ýok edip, diňe täzeleriniň bolmagy üçin iş alnyp baryldy. Gije sagat 22-den soň polisiýa Türkmenbaşyda köçä çykýan adamlary saklaýar. Şu aýyň başyndan bäri şäheriň we Awazanyň myhmanhanalarynda ten satýan gyzlara garşy reýdler geçirildi.

Awazadaky bu taýýarlyklar we edilen çykdajylar barada döwlet mediasynda habar berilmedi.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenbaşyly ýaşaýjylar bu taýýarlyklaryň özleri üçin döredýän oňaýsyzlygyndan we çykdajylardan nägile bolýarlar.

"Gerekmejek netijesiz çäre açlyk derejesinde ýaşaýan halk üçin nämä gerek? 30 dollar pensiýalary köpeltsinler, aýlyk haklaryny köpeltsinler" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda Awazanyň myhmanhanalaryny terk etmäge mejbur bolan raýatlar dynç alyşyny dowam etdirmek üçin ýer gözleýärler.

Hususan-da, deňziň ýakasyndaky Çelekene baran adamlar bu ýerdäki hapaçylykdan zeýrenýärler. Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan suratlarda kenaryň göze ilýän tutuş giňişliginde hapa-hupalaryň pytrap ýatandygyny görmek mümkin.

Şeýle-de, şu ýyl deňiz kenarynda howply ýylanlaryň köpdügi aýdylýar.

Şu aýyň başynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan çelekenli çeşme tomus möwsüminiň başyndan bäri dynç almaga gelenleriň arasynda 20-den gowrak adamy ýylan çakandygyny, emma ölüm hadysasynyň hasaba alynmandy gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG