Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda VPN işlemeýär, ussalar soraga çekilýär we hyzmatdaşlyga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda internet elýeterliligi has-da gowşady. VPN-leriň tas işlemeýändigini, internetiň örän haýallandygyny we VPN gurup berýän ussalaryň saklanyp, soraga çekilýändigini Azatlygyň Aşgabatdaky we birnäçe welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

"Häzir mugt işleýän VPN- lar bloklanýar il içinde höwes bilen ulanylýan birnäçe VPN-leriň işlemegi kesildi" diýip, çeşmeleriň biri 28-nji iýulda aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary VPN bökdençliginiň soňky bir hepdä golaý wagt bäri köpçülikleýin ýüze çykandygyny aýtdylar.

Bu ýagdaýda internet ulanyjylar elýeterli VPN-leri gözleýärler we ussalara ýüzlenýärler. Emma soňky günlerde ussalaryň hyzmatyndan peýdalanmak hem kynlaşdy.

"Adamlar her güni 'Play marketden' özlerine işleýän mugt VPN gözleýärler, tölegli VPN hyzmatyny hödürleýän adamlar MHM işgärleri tarapyndan anyklanyp soraga çekilýär" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berýär.

VPN hyzmatyny birikdirip berýän ussalaryň soraga çekilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi hem paýtagtda, hem-de welaýatlarda ýüze çykdy. Güýç edaralary tarapyndan geçirilýän sorag edişliklere çekilenlere basyş edilýär we olara VPN ulanyjylar barada habar bermek talap edilýär we hyzmatdaşlyga mejbur bolmak talap edilýär. Bu barada Azatlyga anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň birnäçesi gürrüň berdi.

"Tanyşymyň tölegli VPN hyzmatyny birikdirýändigini bilip, MHM işgärleri ony soraga çekdiler. Onuň öňüne ak list berip, kimlere VPN birikdirip berendigini, olaryň atlaryny, el telefon nomerlerini, näçe manat pul alandygyny, tölegli VPN nireden, nädip we haýsy ýol bilen alýandygyny, tölegi nädip geçirýändigini ýazyp bermegi talap etdiler. Şeýle-de, ondan daşary döwletlerde kimler bilen gürleşýändigini we haçandan bäri bu iş bilen meşgullanýandygyny ýazmaça görkezmegi soradylar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Güýç gulluklarynda geçirilen şeýle sorag edişlikler barada gürrüň beren çeşmelere görä, jikme-jik maglumat bermekden ýüz öwürenleri 15 gije-gündizlik tussag astyna alýarlar we hatda fiziki güýç görkezýärler. Şeýle-de, VPN çatyp bermek işi bilen meşgullanmakda güman edilýän adamlaryň mobil telefonlaryny, kompýuterlerini barlaýarlar we käbir halatlarda öýündäki elektron enjamlaryny alyp gidýärler we içindäki maglumatlary dörýärler.

Basyş edilýän ussalardan öz müşderileri barada maglumat ýetirip durmak, şeýle-de para görnüşinde pul tölemek talap edilýär diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.

"MHM işgärlerine 1000 manat pul eltip durmaly we kim tölegli VPN hyzmatyny satyn alyp ulanýandygy barada maglumat bermeli. VPN çatdyrmak üçin ussanyň ýanyan baran adamlara ony 5 minudyň içinde edip bolýan hem bolsa, 2 sagatdan geläý diýmeli we şol aralykda MHM işgärlerine habar ýetirmeli. Ol gelip, müşderiniň telefonuny barlamaly we şondan soň ýesine berip-bermezligi barada karar çykarmaly" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, raýatlary soraga çekýän güýç işgärleri VPN hyzmatyny özlerinden satyn almalydygyny aýdýarlar.

"Indiden beýläk kim VPN gurnap ber diýip gelse onda her aýyna 90 manatdan bizden satyn almaly, ýurdumyzda VPN gadagan, emma biz bilen bilelikde işleşene degmezler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme, munuň bilen VPN hyzmatyna näçe müşderiniň höwes bildirýändigini hem anyklap bolýandygyny belledi.

Adamlaryň ulanýan mugt VPN-leri MHM tarapyndan petiklenýär we hödürleýän VPN-leri arkaly ulanyjylaryň nirä we nähili saýtlara girýändigini, kimler bilen ýazyşýandygyny görüp, gözegçilik etmek ýola goýulýar diýip, ýene bir çeşme aýdýar.

Türkmenistanda garaşsyz habar saýtlarynyň ençemesi petikli, YouTube, Instagram, Telegram we TikTok ýaly meşhur ulgamlara hem VPN-siz gidip bolmaýar.

Şu ýylyň başyndan bäri raýatlara VPN hödürleýän SMS iberilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Mobil telefonlara VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy raýatlaryň howpsuzlyk aladalaryny güýçlendirip, munuň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýän bolmagy baradaky çaklamalary döretdi.

Soňky günlerde ýurduň ähli künjeklerinde internete girmekde kynçylyk döredi. Türkmenbaşy şäherinde we Awazada internet doly kesilip, birnäçe sagatlap işlemeýär.

"Welaýatda VPN tas doly petikli. Türkmen hökümetine degişlidigi aýdylýan VPN-ler hem işlänok. Bir hepde bäri Balkan welaýatynda internete girmek mümkinçiliginden köp peýdalanýan adamlary anyklamak boýunça işler geçirilýär. Käbir howpsuzlyk bölümleri Balkan welaýatynda "Türkmentelekomyň" paýlaýjy serwerlerini jikme-jik barlaýarlar" diýip, balkanly çeşme 28-nji iýulda habar berdi.

Bu ýagdaý barada Azatlyga habar beren çeşmeler soňky günlerde VPN çatyp berýän ussalaryň hem yzarlanýandygyny, şu sebäpden olaryň käbiriniň başga welaýatlara gitmeli bolandygyny aýtdylar. Çeşmeler görä, Balkan welaýatynda geçirilýän bu kiber howpsuzlyk çäreleri 12-nji awgusta çenli dowam eder.

Bu ýagdaý Türkmenbaşy şäherinde we Awaza syýahat zolagynda halkara forumyna görülýän taýýarlyklara gabat geldi. 4 – 8-nji awgusty aralygynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat geçirler.

Türkmenistanda ýyllarboýy çäklendirilýän internetiň ilata elýeterliligi wagtal-wagtal has-da gowşaýar. Maý aýynda internetiň tizligi birden örän haýallapdy we VPN ussalaryna hem ulanyjylaryna basyş güýçlenipdi. Şonda VPN-ler köpçülikleýin petiklendi, hatda açyk işleýän IMO messenjeri hem işlemändi.

Türkmenistan dünýäde iň gymmat we haýal internetli ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG