Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe, Kropywniskiýe we Starokonsantynowa zarba urdy


Kiýewiň ýaşaýjylary Russiýanyň zarbalaryndan metroda gizlenýär. 28-nji iýul
Kiýewiň ýaşaýjylary Russiýanyň zarbalaryndan metroda gizlenýär. 28-nji iýul

Russiýanyň harby güýçleri 28-nji iýula geçilen gije Ukrainanyň birnäçe şäherine dürli görnüşli raketalar we dronlar bilen hüjüm etdi.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, zarbalar Kiýew we Kropywniskiý şäherlerine gönükdirildi. Esasy zarba bolsa Hmelnitskiý oblastyndaky Starokonsantynow şäherine uruldy, ol ýerde harby aerodrom ýerleşýär.

Kiýewiň Darnytskiý etrabynda dron hüjümleriniň netijesinde sekiz adam ýaralandy, olaryň arasynda üç ýaşly çaga hem bar.

Harbylaryň maglumatyna görä, 27-nji iýul agşamdan başlap Ukraina 324 sany dron, 4 sany ganatly raketa we 3 sany “Kinžal” görnüşli aeroballistiki raketa atylypdyr. Beýanata görä, 15 drony we 2 raketany ýok etmek başartmady. Şol bir wagtda “Kinžal” gipersonik raketalaryň maksatlaryna ýetmändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG